17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Syýahat” žurnalynyň täze sanynda ulgamy ösdürmegiň gözýetimleri.

Türkmenistanyň halkara durmuşynda ýurduň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçen 2012-nji ýyly tamamlanyp barýar. Şu jähetden ýylyň köp sanly aýdyň hem-de iri çärelere beslenendygini, olaryň iň esaslarynyň bolsa GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dekabryň başynda geçirilen mejlisi bolandygyny bellemeli. Gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlyk, medeniýet, sport, syýahatçylyk we ekologiýa ulgamlaryndaky gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler Aşgabat sammitiniň gün tertibiniň esasyny düzdi. Şonda beýleki çözgütler bilen bir hatarda 2013-nji ýyl GDA-da ekologiýa medeniýetiniň we daşky gurşawy goramagyň ýyly diýlip yglan edildi. Ekologiýa abadançylygy islendik ýurtda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin ygtybarly binýady emele getirýär. Şu jähetden ol Arkalaşygyň ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagy, onuň kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy, täze ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we dürli ugurlarda milli syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegi üçin derwaýys şert bolup durýar. Diňe bir sebitleýin däl, eýsem ählumumy hyzmatdaşlyk üçin möhüm bolan bu ýörelge Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sanynyň esasyny düzdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça neşir edilýän žurnalyň ikinji sany ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini aýdyň beýan edýär. 

Milli syýahatçylyk ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň derwaýys teklipleri we başlangyçlary, ýurtda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler žurnalyň täze sanynda öz beýanyny tapypdyr. Türkmenistanyň köpugurly syýahatçylyk-dynç alyş mümkinçiliklerini, onuň bu ugur boýunça halkara gatnaşyklaryndaky ornuny beýan edýän žurnal okyjylara bu ugur boýunça dürli habarlary hödürleýär. 

Neşiriň sahypalarynda şypahana hyzmatlaryny giňeltmekde, oňaýly dynç alşyň toplumlaýyn düzümini özünde jemleýän we şol bir wagtyň özünde uly meşhurlyga hem-de abraýa ynamly eýe bolýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly, ýylyň tutuş dowamynda işjeň hereket edýän düzümiň binýadynda gyşky hem-de işewürçilik syýahatçylygyny ösdürmek boýunça täze çemeleşmeler hakynda giňden maglumat berilýär. 

Mälim bolşy ýaly, syýahatçylygyň ösdürilmegi ykdysadyýetimiziň ulag, aragatnaşyk, söwda, gurluşyk, oba hojalygy, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ýaly pudaklaryň ösmegini şertlendirýär. Şu ugurlarda kiçi hem-de orta telekeçiligiň serişdeleri hem-de mümkinçilikleri we telekeçiligiň çeýeligi hem-de iň köpugurly pudagyň ösüş ýagdaýyna sazlaşykly goşulmaga ukyplylygy has-da zerur bolup biler. 

Syýahatçylyk ähli durmuş-ykdysady özgertmeleriň işjeňleşdirilmeginiň, maliýe serişdeleriniň akymynyň üpjün edilmeginiň, iş orunlarynyň döredilmeginiň, harytlaryň hem-de önümleriň önümçiligini höweslendirmegiň, medeni gatnaşyklara saldamly goşant goşmak bilen ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işiniň netijeliliginiň artmagynyň möhüm şerti bolup durýar. 

Syýahatçylyk hakynda maglumat-habar beriş žurnalynyň nobatdaky sanynda Türkmenistandaky jahankeşdelik we dynç alyş barada habar berilýär. Ol türkmen we daşary ýurtly okyjylara biziň ýurdumyzyň ajaýyp ýerleri, onuň medeniýet we tebigy ýadygärlikleri, şol sanda milli aşhanasy, halkymyzyň däp-dessurlary we taryhy ýadygärlikleri barada anyk göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. 

Halkara gatnaşyklarynyň, şol sanda hünärmenleriň duşuşyklarynyň, tejribe alyşmalaryň, pudaklaýyn forumlaryň we ýöriteleşdirilen sergileriň yzygiderli geçirilmegi netijesinde biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, onuň jahankeşdeligiň ählumumy ulgamyna goşulmagyny üpjün etmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. 

BMG-nyň ýanyndaky (UNWTO) Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Ministrler sammitinde bu pudagy ösdürmegiň täze meýilleri hem-de derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä däp bolşy ýaly, geçen güýzde “World Travel Market” iri halkara sergisiniň çäklerinde Londonda guraldy. 

UNWTO agza ýurtlaryň syýahatçylyk düzümleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hem gatnaşýandygy yglan edildi. 

Türkmen wekiliýetiniň şol wekilçilikli foruma bolan sapary baradaky maglumatlar žurnalyň sahypalarynda getirilýär. Türkmenistanyň dünýä syýahatçylygy ulgamynda halkara işewür toparlarynyň ünsüni özüne çekýän ýurt hökmünde ykrar edilmegi saparyň barşynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar äşgär edýär. Şonda milli syýahatçylyk agentlikleri, maýadarlar, bu pudak üçin enjamlary getirmäge ýöriteleşen iri firmalar, şeýle hem СNN ýaly iri habarlar agentlikleri bilen duşuşyklar geçirildi. 

Biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek we olary ýaýratmak wezipesini ýerine ýetirýän “Syýahat” žurnaly okatmagyň öňdebaryjy usullaryna we syýahatçylyk ulgamy üçin işgärleri taýýarlamakdaky ülňülerine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde syýahatçylyk işini ussat hünärmenler bilen üpjün etmek has-da aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Umumy döwlet möçberinde syýahatçylyk ulgamynyň netijeliligi dünýäniň öňdebaryjy tejribesini dürs we öz wagtynda peýdalanmaga, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, olaryň hünärmenler tarapyndan içgin öwrenilmegine bagly bolup durýar. 

Şu nukdaý nazardan täze žurnal diňe bir türkmen we daşary ýurtly syýahatçylary biziň ýurdumyza işjeň çekmäge däl, eýsem ygtybarly maýadarlary, hyzmatdaşlary we pudagyň ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaş hünärmenleri işjeň çekmäge hem gönükdirilendir. 

Şeýlelikde, žurnal özüniň nobatdaky sany bilen biziň ýurdumyzyň jahankeşdeler üçin gyzykly syýahat künjekleri, özboluşly aýratynlyklary, şeýle hem bu ulgamda entek doly özleşdirilmedik ägirt uly mümkinçilikleri barada jikme-jik gürrüň bermegini dowam edýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalda ajaýyp suratlar, bezegler bolup, ol biziň ýurdumyzyň häzirki günleri barada görnüşler arkaly düşünje almaga mümkinçilik berýär. 

Mundan başga-da “Dünýäniň täsinlikleri” atly rubrikada berilýän materiallar arkaly bütin dünýäniň ajaýyp künjekleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Mysal üçin, žurnalyň şu gezekki sanynda okyjylar Günorta Koreýada ýerleşýän ýakynda geçirilen bütin dünýä bäsleşiginiň jemleri boýunça jahanyň ýedi täze gudratynyň biri diýip yglan edilen Çedžudo adasynyň ajaýyplyklary bilen tanyşdyrylýar.

Degişli makalalar

Birinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Stambul Şäherinde Halkara Nowruz Baýramy Fotosuratlary

turkmenhabargullugy